Система записи на прием Министерства иностранных дел Германии — Aschgabat

Выберите соответствующий раздел

Wiza

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Аşgabat şäherindäki ilçihanasynyň kabul edilişiginiň öňünden ýazylma ulgamyna hoş geldiňiz!

Wiza üçin gerekli resminamalar.

Wiza barada ýüz tutmak üçin wagt bellenilmeli. Ýazgyda wagt bellemek diňe şu öňunden ýazylma ulgamy arkaly amala aşyrylýar. Siz üçin, ýazylma ulgamynda wagty Siziň ygtyýarly wekiliňiz hem belläp biler.

Wiza üçin anketany öňünden dolduryň we çap ediň, ýanyňyz bilen getiriň. Ilçihanada indi anketa berilmeýär. Anketany şu elektron sahypadan yükläp bilersiṅiz: https://videx.diplo.de/videx/desktop/index.html#start

 

Anketalar latyn harplary bilen doldurylmalydyr. Gynansagam, başga harplarda doldurylan anketalar işlenip bilinmez.

Üns beriň: Wiza ýygymy 80 Ỳewro we diňe ABŞ dollarynda (bankyň walýuta kursy boýunça) nagt tölenýär. Wiza üçin töleg laýyk (gaýtargysyz) tölenmeli. Diňe zeper ýetmedik pul serişdeleri kabul edilýär!


Wiza berilmegi baradaky resminamalara 15 günüň dowamynda seredilýär. Käbir ýagdaýlarda resminamalaryň üstünde işlemek has köp wagt alyp biler. Ilçihana belli bir wagtyň dowamynda wiza beriljekligini kepillendirmeýär we wiza bermekde gijä galan ýa-da ret edilen halatynda çykdaýjylar üçin hiç hili jogapkärçiligini öz üstüne almaýar.

Aşakdaky görkezmelere üns bermegiňizi haýyş edýäris. Görkezmeler we talaplar ýerine ýetirilmese, ilçihana bellenen wagtyňyzy ýatyryp bilýär we arzaňyzy kabul etmezlige haklydyr.

Kabul edilişige ýazylmazdan öň wiza almak üçin tabşyrylýan resminamalaryň tertibine degişli maglumatlar bilen we şeýle hem gerek bolan resminamalaryň sanawy bilen şu elektron sahypamyzda www.aschgabat.diplo.de. tanyşmagyňyzy haýyş edýäris. Bu ýerde saparyňyzyň maksadyna gabat gelýän wiza görnüşleri barada giňişleýin maglumatlar, ýazylan ýatlatmalary we wiza sowalnamsyny ýükläp bilersiňiz.

Eger gerekli resminamalar doly toplanmadyk bolsa, onda bu wiza sowalnamasz kabul edilmeýär, we duşuşygyň gaýtadan bellenmegi zerurdyr. Bu ýagdaýda meýilleşdirilen sapara wagtynda gidip bilmejegiňize töwekgelçilik döreýär. Ýetmeýän resminamalary goşmaça tabşyrmak göz önüňe tutulan däldir.

Wiza almak üçin meýilleşdirilen saparyň başlamazyndan üç aý öňünden ýüz tutup bilersiňiz. Türkmenistanyň raýatlary wiza almak üçin meýilleşdirilen sapary başlamazyndan öň 15 günden gijä galman, ýüz tutmalydyrlar. Wiza bölümine gerekli resminamalar bilen birlikde wiza sowalnamasyny hut ýüz tutujynyň özi tabşyrmalydyr.

Her bir ýüz tutujy aýratyn wagta ýazylmalydyr. Ene-atalary bilen syýahata gidýän çagalar hem öňünden ýazylma ulgamynda aýratyn görkezilmelidirler. Şol sebäpli ýanyňyz bilen syýahata gidýän çagalary hem, wagt belläniňizde görkezmegiňizi haýyş edýäris.

Ýüz tutujy kabul edilişige öňünden ýazylma ulgamynda birnäçe gezek wagt bellemeli däldir, ýagny adam başyna bir gezek wagt bellenmelidir. Eger birden artyk wagt bellenen halatynda. Şahsyň bellän ähli wagtlary ilçihana tarapyndan ýatyrylar.

Eger bellenilen wagtda gelip bilmeseňiz, duşuşygy ýatyryp, täzeden ýazylyp bilersiňiz.

Siz bellän wagtyňyzdan 10 minut öň gelmeli, sebäbi ilçihana girmek üçin howpsuzlyk barlagyndan geçmeli.

Eger Siz bellän wagtyňyzdan 15 minut gijä galyp gelseňiz, onda wiza sowalnamsyny tabşyrmak üçin girip bilmersiňiz we täzeden wagy bellemeli bolarsyňyz.

 

Indi bolsa, wiza almak üçin wagt bellemäge“Öňe” diýen düwmesini basyň.

Вперед